Adam saglygyny berkitmek we goramak boýunça ýörite ylym bar. Ylmyň "gigiýena" diýilýändigini biz eýýäm mekdepden bäri bilýäris. Grek dilinde "gigiýena" sözi "ýokumly, sagdyn" diýmegi aňladýar. Şahsy gigiýena üçin birnäçe talaplar bar. Ol talaplar adamyň iş ukybyny ýokarlandyrýar, rahat we uzak ömür berýär, dürli kesellerden goraýar. Şahsy arassaçylygyň talaplaryny dogry berjaý etmek bilen adam doly sagdyn bolup biler. Mikroblardan goranmak üçin adam öz bedenini arassa saklamalydyr.

 

 Ýagny:

 - suwa düşmeli;

 - ýüzüň derisine ideg etmeli;

 - Dişleri ýuwmaly;

 - El we aýak dyrnaklarynyň arassalygyna yzygiderli gözegçilik etmeli;

 

 Şeýle hem, beden üçin ýeterlik mukdarda suw içmeli, elleri dezinfeksiýa etmeli, saçlary ýuwmaly we beýleki adamlaryň daraklaryny, polotensalaryny we diş çotgalaryny ulanmaly däl.

 

Bu düzgünleriň hemmesine eýerip, esasanam pandemiýa döwründe, sagdyn we howpsuz bolup bilersiňiz.